Forbes 2022-nji ýylda iň köp girdeji gazanan meşhurlaryň sanawyny düzdi

  • 16.02.2023 08:09
  • 11k+

Britaniýanyň Genesis topary Forbesiň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylda iň köp girdeji gazanan meşhurlaryň sanawynda birinji orunda durýar. Umumylykda sanawdakylar geçen ýyl jemi 1,3 milliard dollardan gowrak girdeji gazandylar. Reýtingi düzüjiler 1960-njy ýyllaryň progressiw-rok stiliniň pionerleriniň 2022-nji ýylda 230 million dollar gazanandygyny hasapladylar.

Aýdym-sazlaryna bolan hukuklaryň Concord Music Group toparyna satylmagy, gastrollardan alynýan haklar we kompozisiýalaryny ulanandyklary üçin goýberilýän pullar topara bu görkezijini gazanmaga kömek etdi. Azajyk tapawut bilen ikinji ýeri başga bir iňlis ýerine ýetirijisi - Sting eýeledi. The Police-iň öňki agzasy bir ýylda 210 million dollar gazanmagy başardy. Sazanda öz ähli sazyna, şol sanda Universal Music Group toparynyň düzümindekä ýazylan sazyna bolan hukugy satdy.
Düzüjiler reýtingiň üçünji setirini amerikaly aktýor we režissýor Taýler Perrä berdiler - onuň 175 million dollary bar. Rekord eýesi Perriniň umumy baýlygynyň möçberi-de 1 milliard dollardan geçýär. Bu sanawda şeýle görkezijä ýeten ýeke-täk adam.
“South Park”-yň döredijileri Treý Parker we Mett Stoun reýtingde dördünji orny eýeledi. Bir ýylda HBO Max hyzmaty we Paramount bilen üstünlikli baglaşylan şertnamalar sebäpli 160 million dollar gazandy. Bäşinji ýer we 105 million dollar “Simpsonlar” multserialyny döredijilerki. Jeýms Bruks we Mett Grouning “Disneý” bilen baglaşan şertnamasyndan ep-esli hak aldylar.
Golliwudyň aktýory Bred Pitt hem ilkinji onluga girdi. Ol 2022-nji ýylda baýlygyny 100 million dollar artdyrdy. Bu “Plan B.” kompaniýasyndaky önümçilik işleri bilen baglanyşyklydy. Mundan başga-da, aktýor  “Gülleden ýyndam”, “Wawilon” we “Ýitirilen şäher” filmlerinden 30 million dollar gazandy.


28.08.2025 06:36
5.1k+

Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi

Forbes neşiriniň wersiýasy boýunça, repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar. Onuň baýlygy 2,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. 2019-njy ýylda Jay-Z ilkinji hip-hop-artist-milliarder boldy. Soňky ýyllarda onuň baýlygy ep-esli: 2023-nji ýyldaky 1,4 mlrd dollardan 2,5 mlrd dollara çenli artdy...

22.08.2025 18:51
6.8k+

Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tötänleýin ýüzlerçe müň ulanyjynyň Grok çat-boty bilen ýazyşan söhbetlerini açyk elýeterlilige hödürledi. Köp ulanyjylar öz söhbetdeşliginiň köpçülige ýaýrap biljekdigini bilmeýärdi diýip, Forbes žurnaly habar berdi...

02.04.2025 18:25
5.3k+

Stiwen Spilberg dünýäniň iň baý meşhur şahsyýeti boldy

78 ýaşly kinorežissýor we prodýuser Stiwen Spilberg “Forbes” žurnaly tarapyndan 2025-nji ýylyň iň baý meşhur şahsyýeti diýlip ykrar edildi. Onuň baýlygy 5,3 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar. Spilberg “Dişler” (Челюсти)...

03.03.2025 09:55
7.6k+

Forbes iň köp girdeji gazanan golliwudly aktýorlaryň sanawyny hödürledi

“Forbes” neşiri 2024-nji ýylda Golliwudyň iň köp girdeji gazanan aktýorlarynyň sanawyny hödürledi. Sanawda birinji orny geçen ýyl 88 mln dollar gazanan Dueýn Jonson eýeledi. Jonson 2020-nji ýylyň reýtinginde-de...