Hindistanda çykarylan iPhone-laryň ýarysy brak bolup çykdy

  • 15.02.2023 19:47
  • 31k+

Pekin bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylyk sebäpli, Hytaýa garaşlylygy azaltmak maksady bilen, Apple soňky birnäçe ýylda iPhone önümçiligini kem-kemden Hindistana geçirýär. Şeýle-de bolsa, meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi kynçylyklara sezewar boldy.

Financial Times gazetiniň habaryna görä, häzirki wagtda Hindistanda iPhone üçin çykarylýan korpuslaryň kemçilikli çykýanlarynyň paýy 50 göterime ýetdi. Bu önümleriň deňýarynyň ýygnaýjy zawoda ibermegiň talaplaryna laýyk gelmeýändigini aňladýar.
iPhone önümçiliginiň ösüşine infrastruktura bilen nyrhlaryň biri-birine laýyk gelmezligi sebäpli, logistika pudagyndaky kynçylyklar päsgelçilik döredýär diýip, neşir  belleýär. Meseleler düzedilmese, kompaniýa Hindistanda iPhone-nyň indiki neslini Hytaý bilen bir wagtda ýygnamaga başlap bilmese gerek.
Ozal habar berlişi ýaly, Apple 2027-nji ýyla çenli iPhone önümçiliginiň ýarysyna çenlisini Hindistana geçirmekçi bolýar. Business Standard hindi işewür gazetiniň habaryna görä, bu kompaniýa Hindistandan edýän eksportyny 1 milliard dollardan agdyryp, öňki lider Samsung-dan öňe geçdi we  iň öňdäki smartfon öndürijisi boldy.


düýn 22:08
1.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....