Samsung ähli smartfonlarynda gaýtadan işlenen plastigi ulanmak kararyna geldi

  • 14.02.2023 20:47
  • 18k+

Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy 2050-nji ýyla çenli ähli smartfonlarynyň önümçiliginde gaýtadan işlenen plastigi ulanmagy maksat edinýär. Bu barada “Rýonhap” agentliginiň habarynda aýdylýar diýip, rbclife.ru belleýär.

Öndüriji ähli täze flagman Galaxy smartfonlarynda gaýtadan işlenen plastik materiallaryny ulanmagy we 2025-nji ýyla çenli gaplamada plastik ulanmakdan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär.

“Siz kampaniýamyzyň Ýeriň daşky gurşawyna nähili täsiriniň bardygy bilen gyzyklanyp bilersiňiz, ýöne bu Samsung-yň önüm portfelini göz öňünde tutsaň diýseň uly täsirdir” – diýip, Seulda geçirilen brifingde kompaniýanyň wise-prezidenti Pak Son Sun belledi.

Agentlik Samsung kompaniýasynyň Galaxy hatarynyň flagman telefonlaryny öndürmekde eýýäm ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanýandygy barada maglumatlary getirýär. Kompaniýa fewral aýynyň başynda täze Galaxy S23, Galaxy S23 Plus smartfonlaryny çykardy, olarda gaýtadan işlenen plastikden ýasalan 11 sany içerki we daşarky komponentler ulanyldy. Galaxy S23 Ultra modelinde bolsa şeýle komponentler 12 sany.
Mysal üçin, Galaxy S23 Ultra yzky aýnada we öňdäki korpusda taşlanan PET çüýşelerinden gaýtadan işlenen plastigi, şeýle-de gapdal düwmede, sesi sazlaýjy düwmede we SIM-kartlary saklaýjylarda gaýtadan işlenen alýuminini ulanýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...