Nissan we Renault Hindistanda täze awtomobilleriň işlenmegine $600 mln maýa goýar

  • 14.02.2023 20:36
  • 4.6k+

Ýaponiýanyň Nissan Motor Co awtoöndürijisi we Renault SA fransuz awtokonserni dünýäniň iň çalt ösýän bazarlarynyň birinde işewürligi ösdürmek boýunça tagallalaryň çäginde Hindistanda täze awtomobil modelleriniň işlenip düzülmegine 600 mln dollar maýa goýmagy göz öňünde tutýan meýilnamany yglan etdiler. Bu barada interfax.ru habar berýär.

Geçen hepde hyzmatdaşlygyň şertlerine täzeden garamak barada ylalaşan kompaniýalar hindistanly we daşary ýurtly müşderiler üçin alty sany täze awtomobiliň üstünde işlärler diýip, Nissan-yň habarynda aýdylýar.
Şol sanda kompaniýalar iki sany uly bolmadyk elektromobili öndürerler. Bu kompaniýalaryň Hindistanda ilkinji elektromobilleri bolar. Mundan başga-da, Nissan we Renault dört sany SUV klasly awtomobili öndürer.
Şeýlelikde, kompaniýalaryň Hindistanyň Çennaý şäherindäki gözlegler we işläp düzmeler bilen meşgullanýan bölümçesiniň ştaty, takmynan, 2 müň adam artar. Häzir onda 8 müňe golaý işgär bar. Kompaniýalaryň şol şäherdäki bilelikdäki kärhanasy 2010-njy ýylda daşary ýurtlara ibermeler başlaly bäri 108 döwlete 1 milliondan gowrak awtomobil eksport etdi.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....