HBS: Türkiýede ýertitremeden alty gün soň diri galanlar halas edilýär

  • 12.02.2023 14:27
  • 54k+

Türkiýede halas edijiler ýertitremeden alty gün soň, ýumrulan binalaryň astyndan diri galanlary çykarmaklaryny dowam edýärler diýip, ýekşenbe güni ýerli habar beriş serişdeleri habar berýär.

Mynet habarlar portalynyň habar bermegine görä, tebigy hadysadan 150 sagat geçenden soň, Hataý welaýatynda gyzjagaz halas edildi. Çen bilen ol 2 ýa-da üç ýaşynda.
Hürriyet gazetiniň habar bermegine görä, gözleg-halas ediş işleriniň 149-njy sagadynda Hataýda diwarlaryň astyndan 35 ýaşly Mustafa halas edildi, ol epilepsiýa bilen keselledi. Lukmanlar oň ilkinji kömegi berip, hassahana eltdiler.
Yeni Şafak gazetiniň bellemegine görä, halas ediş işleriniň 140-njy sagadynda Hataýda göwreli zenan hem-de onuň erkek dogany halas edildi. Olaryň ýagdaýy kanagatlanarly ýagdaýda.
Türkiýede bolup geçen ýertitremede aradan çykanlaryň sany 24 müň 617 adama ýetdi. Trend agentliginiň habar bermegine görä, şikes alanlaryň sany 80 müň 278 adama ýetdi.


20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....