«Real» bäşinji gezek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy

  • 12.02.2023 13:02
  • 20k+

Ispaniýanyň “Realynyň” futbolçylary Marokkoda geçirilen klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň finalynda Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” toparyny 5:3 hasabynda utdular.

“Realyň” düzüminde gol bilen Winisius Žunior (13, 69 minutlar), Federiko Walwerže (18, 58), Karim Benzema (54) tapawutlandy. “Al-Hilýalyň” düzüminde bolsa Mussa Marega (26), Lusiano Wýetto (63, 79) gol geçirdi.
“Real” bu ýaryşda UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi, “Al-Hilýal” Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi hökmünde çykyş etdi.
Madridiň kluby Klublaýyn dünýä çempionatynda bäşinji gezek ýeňiş gazandy: ondan öň 2014, 2016, 2017, 2018-nji ýyllarda ýaryşyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, ol üç gezek Kontinentara kubogynyň eýesi boldy (1960, 1998, 2002).
Klublaýyn dünýä çempionatynyň üçünji orny üçin oýunda braziliýaly “Flamengo” Müsüriň “Al-Ahli” toparyny 4:2 hasabynda utdy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......