Messi, Benzema we Mbappe – FIFA-nyň ýylyň iň gowy oýunçysy adyna esasy dalaşgärler

  • 11.02.2023 23:09
  • 18k+

Argentinaly Lionel Messi, fransuzlar Kilian Mbappe bilen Karim Benzema Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) wersiýasyna görä 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleriň üçlügine girdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy habar berdi diýip, TASS belleýär.

Messi “Pari Sen-Žermen” klubunda çykyş edýär. Ol 2022-nji ýylda toparyň düzüminde Fransiýanyň çempiony we ýurduň Super kubogynyň ýeňijisi boldy. Şeýle-de, hüjümçi geçen ýyl Katarda geçirilen dünýä çempionatynda-da ýeňiş gazandy. Messi taryhda iki gezek dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen ilkinji futbolçy boldy. Hüjümçi oýnan oýunlarynyň sany boýunça dünýä birinjilikleriniň rekord eýesidir (26).
Mbappe Messiniň klubdaşy bolup, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň iň gowy bombardiri diýlip yglan edildi. Dünýä çempionatynyň Argentinanyň toparyna garşy final oýnunda (3:3, 2:4 – penalti) Mbappe het-trik edip, taryhda dünýä birinjiliginiň finalynda üç gol geçirmegi başaran ikinji oýunçy boldy. Öň bu diňe 1966-njy ýylda angliýaly Jeff Hýorsta başardypdy.
Benzema Ispaniýanyň “Realynda” çykyş edýär. Geçen ýyl topar bilen bilelikde Çempionlar ligasynda, UEFA-nyň Super kubogynda, Ispaniýanyň çempionatynda we Kubogynda ýeňiş gazandy. Möwsümiň jemi boýunça ol Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) tarapyndan 2021/22-möwsüminiň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi we “France Football” žurnalynyň ýylyň iň gowy futbolçysy üçin baýragyna – “Altyn topa” mynasyp boldy.
Zenanlaryň arasynda FIFA-nyň wersiýasyna görä ýylyň iň gowy oýunçysy adyna Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatynyň ýeňijisi we ýaryşyň iň gowy bombardiri Bet Mid, “Barselona” bilen bilelikde Ispaniýanyň çempiony we 2022-nji ýylda “Altyn topuň” eýesi Aleksiýa Putelýas we amerikaly Aleks Morgan dalaş edýär. 2022-nji ýylda Putelýas taryhda yzygider iki “Altyn topy” almagy başaran ilkinji futbolçy boldy, yzygider iki gezek UEFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy.


şu gün 10:53
2.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......