Disney “Oýnawaçlaryň wakasy” we “Sowuk ýürek” multfilmleriniň dowamyny çykarar

  • 11.02.2023 15:54
  • 8.3k+

The Walt Disney kompaniýasy “Oýnawaçlaryň wakasy”, “Sowuk ýürek” we “Haýwanlar utopiýasy” multfilmleriniň dowamyny döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada kompaniýanyň baş müdiri Robert Aýger maýadarlaryň gatnaşmagynda geçirilen telekonferensiýanyň dowamynda aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Men animasiýa studiýamyzyň iň meşhur franşizalarymyz bolan “Oýnawaçlaryň wakasy”, “Sowuk ýürek” we “Haýwanlar utopiýasy” multfilmleriniň dowamlarynyň üstünde işleýändigini habar bermäge şat. Ýakyn wagtda bu taslamalar barada giňişleýin gürrüň bereris” – diýip, “Deadline” neşiri Aýgeriň sözlerini getirýär.

Şeýlelikde, kompaniýa “Oýnawaçlaryň wakasynyň” bäşinji, “Sowuk ýürek” multfilminiň üçünji we “Haýwanlar utopiýasy” multfilminiň ikinji bölümini döretmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Animasion kartinalaryň öňki bölümleri prokat hitlerine we taryhda iň girdejili multfilmleriň birine öwrüldiler. Ýagny, “Sowuk ýürek II” dünýä prokatynda $1,45 mlrd, “Oýnawaçlaryň wakasy 4”, takmynan, $1,1 mlrd gazandy. Multfilmleriň ikisi-de 2019-njy ýylda çykdy. Ondan 3 ýyl öň, 2016-njy ýylda çykan “Haýwanlar utopiýasy” multfilmi iň girdejili multfilmleriň onlugyna girdi, dünýä prokatynda bolsa 1 mlrd dollardan gowrak gazandy.

şu gün 10:41
537

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
1.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
7.5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
9.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......