Türkiýäniň Gaziantep şäherinde ýer titremeden 76 sagat soň 3 adam halas edildi

  • 09.02.2023 18:18
  • 77k+

Türkiýäniň Gaziantep şäherinde ýer titremeden 76 sagat geçenden soň, ýumrulan jaýyň astyndan üç adam halas edildi.

Halas edijiler epi merkezi Kahramanmaraşda ýerleşen aýylganç ýer titremäniň ýetiren zyýanlaryny aradan aýyrmagyny dowam edýärler. Gözleg-halas ediş işleri Gaziantepede hem dowam edýär.
Gözleg işleriniň barşynda halas edijiler Merkezi Batykent kwartalynda ýumrulan «Aýşe-Polat» köp gatly jaýyň diwarlarynyň astyndan ses eşitdiler.
Uzak wagtlyk halas ediş işleriniň netijesinde üç adamy halas etmek başartdy. Halas edilenler hassahana ýerleşdirildi.
Soňky maglumatlara görä, ýer titreme netijesinde Türkiýede 14 müň 351 adam aradan çykdy, 63 794 adam ýaralandy. Tebigy betbagtçylyk netijesinde 6444 bina ýumruldy.


25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....