Xiaomi 13 Pro-nyň global wersiýasynyň çykjak senesi aýdyldy

  • 09.02.2023 15:00
  • 11k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi 13 Pro telefonynyň global wersiýasynyň ilkinji görkeziljek senesi mälim edilen resmi tizer çap etdi. Ol 26-njy fewralda MWC 2023 sergisiniň açylyşynyň öňüsyrasynda bolar.

Xiaomi 13 Pro kompaniýanyň Hytaýyň daşyndaky Leica kameraly ilkinji telefony bolar. Hytaý wersiýasyndan aýratyn tapawutlanmasa gerek, ýöne bahasy has ýokary bolar: myş-myşlara görä Ýewropada täze önüm üçin 1300 ýewro sorarlar. Şeýlelikde, Xiaomi 13 Pro Samsung Galaxy S23 Ultra bilen deň bahaly bolar. Xiaomi 13 Pro-nyň tapawutly aýratynlygynyň esasy kameranyň bir bölegi bolan 50 megapikselli Sony IMX989 dýuým datçigi bolandygyny ýatladýarys. Şeýle hem, telefon 3200 x 1440 piksel durulykda we diagonaly 6,73 dýuýmlyk OLED ekrany, Snapdragon 8 Gen 2 SoC, 120 Wt simli zarýad bermegi we 50 Wt simsiz güýji, IP68 goragly 4820 mA.s akkumulýator aldy.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...