Xiaomi Poco smartfonlarynyň täze neslini hödürledi

  • 09.02.2023 14:34
  • 10k+

Xiaomi kompaniýasy Poco X5 we Poco X5 Pro smartfonlaryny hödürledi. Soňkusy hatarda iň inçe smartfon bolup, onuň korpusynyň galyňlygy bary-ýogy 7,9 mm barabar diýip, Gizmochina habar berýär.

Smartfonlaryň ikisi-de Full HD+ (2400x1080 piksel) durulykly we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 6,6 dýuýmlyk AMOLED displeýine eýe boldy. Şol bir wagtyň özünde Dolby Vision we HDR10+ tehnologiýalaryny göterýär.
Smartfonlaryň ikisinde-de oturdylan gapdal barmak yzyny skanerleýji bar. Her modeliň agramy bary-ýogy 189 g barabar.
Modeller Qualcomm çipleri bilen üpjün edilendir. Poco X5 5G Snapdragon 695 prosesseri, Poco X5 Pro bolsa Snapdragon 778G bilen işleýär. Smartfonlar 6 ýa-da 8 Gb operatiw we 128 ýa-da 256 Gb içerki ýat bilen elýeterlidir.
Akkumulýatoryň sygymy 5000 mA/s bolup, Poco X5 5G 33 Wt, Pro wersiýasy bolsa 67 Wt zarýad berijini göterýär. Şeýle-de, Infragyzyl porty, NFC moduly we 3,5 mm audio birleşdirijisi bar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...