Messi 2022-nji ýylda Günorta Amerikanyň iň gowy futbolçysy boldy

  • 07.02.2023 19:39
  • 10k+

“Pari Sen-Žermeniň” we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Halkara Futbol taryhy we statistika federasiýasy tarapyndan 2022-nji ýylda Günorta Amerikanyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Öň, Messi IFFHS tarapyndan 2022-nji ýylda dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip saýlanypdy. Geçen ýyl argentinaly “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempionatynda we Super kubogynda ýeňiş gazandy. Milli toparyň düzüminde hüjümçi Finalissimanyň we Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.
2022-nji ýylyň jemi boýunça Günorta Amerikanyň simwoliki toparyna şular girdi:
derwezeban: Emiliano Martines (Argentina, “Aston Willa”);
goragçylar: Nikolas Otamendi (Argentina, “Benfika”), Tiago Silwa (Braziliýa, “Çelsi”), Kristian Romero (Argentina, “Tottenhem”);
ýarym goragçylar: Rodrigo De Paul (Argentina, “Atletiko”), Kazemiro (Braziliýa, “Real”/“Mançester Ýunaýted”), Enso Fernandes (Argentina, “Riwer Pleýt”/“Benfika”), Neýmar (Braziliýa, “PSŽ”);
hüjümçiler: Winisius Žunior (Braziliýa, “Real”), Hulian Alwares (Argentina, “Riwer Pleýt”/“Mançester Siti”), Lionel Messi (Argentina, “PSŽ”).


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....