“PSŽ” Messi bilen şertnamany uzaltmak barada gepleşikleri geçirýär

  • 07.02.2023 08:34
  • 12k+

Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” futbol kluby argentinaly hüjümçi Lionel Messi bilen şertnamanyň möhletini uzaltmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada toparyň sport müdiri Luis Kampos aýtdy diýip, sputnik.by belleýär.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň 35 ýaşly hüjümçisiniň Pariž kluby bilen häzirki şertnamasy dowam edýän möwsüm tamamlanandan soň gutarýar. 

“Biz Messi bilen şertnamany uzaltmak barada maslahatlaşýarys. Ony klubda galdyrmak isleýändigimi gizläp biljek däl” – diýip, Kampos aýtdy.

Messiniň “PSŽ” bilen şertnamasy 2023-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenýär. Ýatlap geçsek, argentinaly Fransiýa göçmezden ozal professional karýerasyny “Barselonanyň” düzüminde geçirdi. Ol geçen ýylyň tomsunda “PSŽ-niň” oýunçysy boldy. 
Katarda geçirilen dünýä çempionatyndan soň Messiniň “Altyn top - 2023” üçin öňdebaryjylaryň sanawynda birinji orna çykandygyny hem bellemek gerek.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......