Apple I maliýe çärýeginde arassa girdejisini 13% azaltdy

  • 04.02.2023 23:57
  • 3.5k+

2023-nji maliýe ýylynyň birinji çärýeginde Apple kompaniýasy arassa girdejisini 13,4% we girdejisini 5,5% azaltdy. Görkezijileriň ikisi-de hünärmenleriň çaklamalaryna laýyk gelmedi diýip, Interfax.ru habar berýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde habar berlişi ýaly, 31-nji dekabrda tamamlanan çärýegiň jemi boýunça arassa girdeji geçen ýylyň degişli döwründäki 34,63 mlrd dollar ýa-da paý üçin 2,1 dollar bilen deňeşdirilende 29,998 mlrd dollar ýa-da paý üçin 1,88 dollar boldy.
Girdeji bir ýyl ozalky 123,945 mlrd dollara garşy 117,154 mlrd dollara çenli azaldy. FactSet tarapyndan sorag edilen analitikler kompaniýanyň düşewündiniň 121,4 mlrd dollar girdejide paý üçin 1,94 dollar derejesinde bolmagyny çaklapdylar.
Geçen çärýek iPhone satuwyndan gelen girdeji geçen ýylky 71,63 mlrd dollardan 65,76 mlrd dollara çenli azaldy.
Mac kompýuterleriniň satuwyndan gelen girdeji 10,85 mlrd dollardan 7,74 mlrd dollara çenli, dakylýan gurluşlaryň, aksessuarlaryň we öý gurluşlarynyň satuwyndan gelen girdeji bolsa 14,7 mlrd dollardan 13,48 mlrd dollara çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde iPad satuwyndan alnan girdeji 7,25 mlrd dollar bilen deňeşdirilende 9,4 mlrd dollara çenli ýokarlandy.
App Store, Apple Music, Apple Pay we iCloud serwisleriniň girdejisi bir ýyl ozalky 19,52 mlrd dollardan 20,77 mlrd dollara çenli ýokarlandy.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....