Ginnesiň rekordlar kitaby 30 ýyllap doňdurylan düwünçekden doglan ekizleri görkezdi

  • 03.02.2023 12:22
  • 61k+

Ginnesiň rekordlar kitaby rekord goýan ekizler Lidiýa we Timoti Ridjueýiň hem-de olaryň ene-atasynyň suratyny görkezdi. Bu çagalar 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Ginnesiň kitaby tarapyndan absolýut rekord diýip ykrar edilen, 30 ýyl ozal doňdurylan düwünçeklerden doguldy.

Neşir edilen suratlarda çagalaryň bäbekhanada surata düşürilendigi, bir çaganyň uklap ýatandygy, beýlekisiniň bolsa kameranyň obýektiwine seredýändigi görünýär. Indiki kadrda - ýylgyrýan ene-ata täze doglan bäbekleriniň  ýanynda.
Düwünçegiň 29 ýyl 10 aýlap ABŞ-nyň Günbatar kenaryndaky önelge barlaghanasynda -196 ° C temperaturada suwuk azotda saklanandygy habar berildi. 2007-nji ýylda düwünçegiň biologiki ene-atasy bolan är-aýal olary donor merkezine geçirmek kararyna geldi, soň bolsa ony är-aýal Filip we Reýçel Ridjueý alýar.
Olar dürli donor ene-atalar barada berlen maglumatlary öwrendiler we biologiki ene-atalaryň suratlary bolmasa-da, 30 ýyla golaý doň duran üç düwünçegiň deňesinde saklandylar. Geçirilen üç düwünçegiň ikisi geljekki enäniň bedeninde uýgunlaşdy.
Ekizleriň täze enesiniň süýji keseli bar eken, ýöne göwrelilik gowy geçipdir. Iň köne düwünçeklerden doglan ekizleriň rekord adyna tutuş maşgala begenýär diýip, Ginnesiň kitabynyň saýtynda aýdylýar.


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:32
4.3k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......