Haruki Murakaminiň täze romany aprel aýynda çykar

  • 01.02.2023 23:10
  • 5.2k+

Ýaponiýaly ýazyjy Haruki Murakaminiň täze romany aprel aýynda satuwa çykar. Bu barada çarşenbe güni Shinchosha neşirýaty habar berdi.

Täze eseriň ady heniz gizlin saklanýar. Kitap 13-nji aprelde dükanlara çykar. Onuň göwrümi 1,2 müň sahypa, bahasy 2970 ýen (22 dollar) bolar. Kitabyň çap edilen görnüşi bilen bir wagtda kitabyň elektron görnüşi hem satuwa çykarylar.
Bu Murakaminiň soňky alty ýylyň içinde ilkinji romanydyr. Öňki eseri «Serkerdäniň janyna kast edilmegi» ady bilen 2017-nji ýylyň fewralynda çykypdy.

Haruki Murakaminiň eserleri 40-dan gowrak dile terjime edildi. Onuň "Goýun awy", "Norwegiýa tokaýlygy", "Tow berilýän guşuň ýazgylary", "Deňiz kenaryndaky Kafka", "1Q84" ýaly romanlary hem meşhurdyr. Murakami edebiýat boýunça Nobel baýragyna birnäçe gezek dalaşgär görkezildi.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......