«Ýaşyl guýrukly ýyldyz» uly özgerişlikleriň buşlukçysymy?

  • 01.02.2023 17:49
  • 26k+

Ýadyňyzda bolsa, ýanwar aýynda okyjylarymyza «50 müň ýyldan soň ilkinji gezek» atly habary ýetiripdik. Bu günler dünýäniň habar beriş serişdeleri ýene şol habara örklendiler. «Ýaşyl guýrukly ýyldyzyň» şu gün agşam Gök ýüzünde peýda bolaryna garaşylýar. Astronomik hasaplamalara görä, ol ýyldyz biziň ýurdumyzda şu gije sagat 10-lardan soň göze görnüp başlar. 

«Ýaşyl kometa» astronomlary hem, astrologlary hem juda gyzyklandyrýar. Älemiň gurluşyny, tebigatyny öwrenýän alymlar Zeminde bolup geçen dürli hadysalara akyl ýetirmekde kometalaryň juda ähmiýetlidigini öňe sürýärler. Meselem, Ýer ýüzünde suwuň haçan we nähili ýagdaýda peýda bolandygyny bilmek üçinem kometalar juda möhüm bilim çeşmesimişin. Alymlar «Ýaşyl guýrukly ýyldyzyň» traektoriýasyndan, tizliginden çen tutup, onuň mundan elli müň ýyl ozal daş asyrynyň ahyrlarynda peýda bolandygyny çaklaýarlar. Astrologlar hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, adamzat eýýamyndaky düýpli özgerişlikleriň, daş asyryndan soňra — hut şu kometanyň — ötegçi myhmanyň Gök ýüzündäki syýahatynyň  yzysüre peýda bolup başlandygyny, şonuň üçin «Ýaşyl kometanyň» bu gezekki saparynyň hem adamzat taryhynda, dünýä ýüzünde boljak uly üýtgeşmeleriň, özgerişlikleriň buşlukçysydygyny üns merkezine alýarlar.  Köp oýlap tapyşlar, açyşlar daş asyryndan soňra has pajarlap başlapdyr. Şonuň üçin astrologlar bu gijäni öwrülişik nokadyna hem ýorýarlar. Ertirden başlap, adamzat durmuşynda ösüşleriň, ylmy açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň täze eýýamynyň başlanjakdygyny, ýaşaýyş we giňişlik babatda täze-täsin açyşlaryň ediljekdigini, ösüşiň geriminiň giňejekdigini, tizlenjekdigini, aýdýarlar. Tebigy hadysalary gowulyga ýormaklyk gowy zat. Goý, «Ýaşyl guýrukly ýyldyzyň» bu gezekki sapary we ýagşylyga ýorluşy ähli babatda ýerine düşsün!

şu gün 21:09
141

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

şu gün 16:13
2.2k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......

şu gün 10:41
1.2k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
3.7k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......