50 müň ýyldan soň ilkinji gezek

  • 17.01.2023 18:19
  • 53k+

Geçen ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ötegçi asman jisimlerini öwrenýän ylmy-barlag toparynyň alymlary «Zwicky» taslamasynyň çäklerinde täze bir kometanyň üstünden bardylar. Başlangyç hasaplamalara görä, ol şu golaýda Ýer togalagyna iň ýakyn nokadyna çenli geler. Ýyldyzlar, kometalar bilen gyzyklanýanlar üçin bu ajaýyp sowgatlaryň biri bolsa gerek, çünki ony diňe teleskoplar arkaly däl, eýsem, adaty göz bilenem synlap bolar.

Kometa, esasan, buzdan, tozandan we ownuk gaýa parçalaryndan ybarat bolup, Gün ulgamynda aýlanýan kiçijik jisimlerdir. Olaryň diametrleri birnäçe ýüz metrden onlarça kilometrlere çenli baryp ýetýär.
Kometa Güne ýakynlaşdygyça doňan maddalar gyzyp, içindäki gazlar çykyp başlaýar. Kometanyň tizligi hem-de Gün tarapyndan öwüsýän ýeller bu asman jisiminiň arka tarapynda guýruk şekilleriniň peýda bolmagyna getirýär. Şonuň üçinem kometalaryň «guýrugy» hemişe Güne garşy ters tarapa bakýandyr. Bu türkmen halkynyň arasynda «Guýrukly ýyldyz» diýilýän asman jisimleridir. «Guýrukly ýyldyz» görünýän mahaly dünýä inen ýa-da göwrede galan çagalaryň has zehinli, ukyply, başarnykly bolýandyklary birnäçe türkmen dessanlarynda hem bardyr. «Gülpam» dessanynda bu waka has-da aýdyň suratlandyrylýar.
Kometalar uzak möhletden hem-de gysga möhletden aýlaw edýän iki topara bölünýärler. Günüň daşyndaky aýlawy 200 ýyldan gowrak wagtyň içinde tamamlanýan orbitaly kometalar (Hyakutake, Hale-Bopp); şeýle hem 200 ýyldan az möhletde aýlaw  edýän kometalar (Tempel, Encke) bardyr. Ýere golaýlaşyp gelýän täze «ötegçi» bolsa has uzak möhletden aýlaw edýän kometalara degişli. "C/2022 E3" diýlip atlandyrylýan täze kometa Gün ulgamynyň daş-töweregini tutuşlygyna gurşap alan Oort dumanlyklaryndan (Oort Cloud) gaýdýandyr. Ol Günüň daşyndan her 50 müň ýylda bir gezek öwrüm edýär. Şonuň üçinem bu kometa aýlawynyň uzaklygy bilen tapawutlanýan «guýrukly ýyldyzdyr».

Täze kometany haçan we nädip görüp bileris?
Astronomik gözegçiligine görä, "C/2022 E3" kometasy 12-nji ýanwarda Güne iň ýakyn nokadyna ýetdi. Kometa häzir Ýer togalagyna tarap hereket edýär. Hasaplamalara görä, bu kometa fewral aýynyň 1-2-si aralygynda Ýeriň 42 million kilometr golaýyndan geçer. Parlak ýagty häsiýete eýe bolan kometany şol günlerde asmana bakyp, teleskopsyz hem saýgaryp bolar.
Asman ýyldyzlaryna beletçiligiňiz bar bolsa, bu kometany Žirafa (Camelopardalis) ýyldyzlar toplumynyň töwereginde ýaşyl öwüsýän öçügsi bir parçajyk hökmünde görersiňiz. Eger-de asmanyň ýyldyzly älemi size nätanyş bolsa, onda “Google Sky Map” ýaly dürli programma üpjünçiliklerini peýdalanmak arkaly gözleýän ýyldyzyňyzy asmandan tapyp bilersiňiz. Elbetde ony dürbi ýa-da teleskop arkaly synlamak has gowy täsirleri bagyş eder.
Täze «ötegçi» 10-11-nji fewralda gijeki asmanda gyzyl reňkde görünýän Myrryh (Mars) planetasynyň golaýyndan geçer.


29.04.2026 16:54
6k+

Klimotologlar güýçli El-Ninýo sebäpli ýylyň aýagynda elhenç yssynyň boljakdygyny çaklaýarlar

Howa modelleri şu ýylyň ahyrynda güýçli El-Ninýo hadysasynyň döräp, global temperaturanyň öň görlüp-eşidilmedik derejä ýetmeginiň mümkindigini görkezýär. Klimatologlar global ylmy jemgyýetçiligiň arasynda......

29.04.2026 14:54
1.2k+

Barlaglar çagalaryň almakdan paýlaşmagy has gowy görýändigini tassyklady

Çagalar özlerine sowgat berilenden-de has beter, şol sowgady kimdir biri bilen paýlaşan wagtlary özlerini bagtly duýýarlar diýip, Developmental Science žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerinde aýdylýar. ...

28.04.2026 15:16
6.9k+

Tiz tagam we süýjülikler baradaky wideolara tomaşa etmeklik açlyk duýgusyny saklamaga kömek edýär

Bristol we Buffalo uniwersitetleriniň barlagçylary süýjülikler hem-de tiz tagamlary şekillendirilýän wideolara tomaşa etmegiň berhiz tutýan adamlara işdäsini saklamaga kömek edip biljekdigi baradaky netijä......

28.04.2026 14:04
1.9k+

Synaglar saglakaýlygyň dogabitdi däldigini subut etdi

Hytaýly alymlar sag ýa-da çep eli ulanmagyň dogabitdi däl-de, eýsem, çagalykda emele gelýändigini ýüze çykardylar. Bu gözlegleriň netijeleri Journal of Genetics and Genomics atly ylmy žurnalda çap edildi....