К Земле приближается комета, открытая в марте прошлого года

  • 01.02.2023 17:49
  • 26k+

Ýadyňyzda bolsa, ýanwar aýynda okyjylarymyza «50 müň ýyldan soň ilkinji gezek» atly habary ýetiripdik. Bu günler dünýäniň habar beriş serişdeleri ýene şol habara örklendiler. «Ýaşyl guýrukly ýyldyzyň» şu gün agşam Gök ýüzünde peýda bolaryna garaşylýar. Astronomik hasaplamalara görä, ol ýyldyz biziň ýurdumyzda şu gije sagat 10-lardan soň göze görnüp başlar.  «Ýaşyl kometa» astronomlary hem, astrologlary hem juda gyzyklandyrýar. Älemiň gurluşyny, tebigatyny öwrenýän alymlar Zeminde bolup geçen dürli hadysalara akyl ýetirmekde kometalaryň juda ähmiýetlidigini öňe sürýärler. Meselem, Ýer ýüzünde suwuň haçan we nähili ýagdaýda peýda bolandygyny bilmek üçinem kometalar juda möhüm bilim çeşmesimişin. Alymlar «Ýaşyl guýrukly ýyldyzyň» traektoriýasyndan, tizliginden çen tutup, onuň mundan elli müň ýyl ozal daş asyrynyň ahyrlarynda peýda bolandygyny çaklaýarlar. Astrologlar hem şu nukdaýnazardan ugur alyp, adamzat eýýamyndaky düýpli özgerişlikleriň, daş asyryndan soňra — hut şu kometanyň — ötegçi myhmanyň Gök ýüzündäki syýahatynyň  yzysüre peýda bolup başlandygyny, şonuň üçin «Ýaşyl kometanyň» bu gezekki saparynyň hem adamzat taryhynda, dünýä ýüzünde boljak uly üýtgeşmeleriň, özgerişlikleriň buşlukçysydygyny üns merkezine alýarlar.  Köp oýlap tapyşlar, açyşlar daş asyryndan soňra has pajarlap başlapdyr. Şonuň üçin astrologlar bu gijäni öwrülişik nokadyna hem ýorýarlar. Ertirden başlap, adamzat durmuşynda ösüşleriň, ylmy açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň täze eýýamynyň başlanjakdygyny, ýaşaýyş we giňişlik babatda täze-täsin açyşlaryň ediljekdigini, ösüşiň geriminiň giňejekdigini, tizlenjekdigini, aýdýarlar. Tebigy hadysalary gowulyga ýormaklyk gowy zat. Goý, «Ýaşyl guýrukly ýyldyzyň» bu gezekki sapary we ýagşylyga ýorluşy ähli babatda ýerine düşsün!

вчера 22:03
1.1k+

В Бельгии прошёл конкурс подражания чайкам

В бельгийском городке Де-Панне прошёл ежегодный европейский конкурс, участники которого соревнуются в подражании крикам чаек. В нём приняли участие представители 16 стран Европы....

вчера 19:50
1.3k+

Шаг в пропасть: в Лондоне появилась скульптура с подписью Бэнкси

На площади Ватерлоо в историческом центре Лондона 29 апреля появилась новая скульптура, на постаменте которой оставлена подпись знаменитого уличного художника Бэнкси....

вчера 19:23
2.5k+

Тейлор Свифт регистрирует товарные знаки на свой голос и образ для защиты от ИИ

Певица Тейлор Свифт подала в ведомство США по патентам и товарным знакам три заявки на регистрацию товарных знаков, сообщает Variety....

вчера 18:37
1.1k+

Делегация Минсвязи Туркменистана приняла участие в форуме SusHi Tech Tokyo 2026

Делегация в составе представителей Министерства связи Туркменистана приняла участие в международном инновационном форуме «SusHi Tech Tokyo 2026», проходившем в Токио с 27 по 29 апреля 2026 года....