Maýkl Jekson baradaky terjimehal filminde onuň keşbini artistiň ýegeni ýerine ýetirer

  • 01.02.2023 11:56
  • 22k+

Jaafar Jekson režissýor Antuan Fukuanyň “Maýkl” atly täze biografiki filminde öz daýysy Maýkl Jeksonyň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada “Variety” neşirine salgylanyp, rbclife.ru habar berýär.

Jaafar pop-sazynyň şasynyň uly dogany we “The Jackson 5” toparynyň agzasy Jermeýn Jeksonyň 26 ýaşly ogly bolup, 12 ýaşyndan bäri aýdym-saz we tans bilen meşgullanýar. Ol hatda 2019-njy ýylyň tomsunda özüniň “Got me Singing” atly ilkinji aýdymyny hem çykardy.
Film barada aýdylanda, ol pop-sazynyň şasynyň yzynda galdyran mirasyna bagyşlanar. Şourannerler ýerine ýetirijiniň durmuşynyň ähli ugurlary barada gürrüň bererler, şol sanda onuň “ähli döwürleriň iň beýik artisti bolmagyna sebäp bolan iň ajaýyp çykyşlaryny” görkezerler.
Prodýuser Grem King surata düşüriji toparyň laýyk dalaşgäri tapýança dünýäniň dürli künjeginden aktýorlary gözländigini aýtdy. “Men Jaafara iki ýyl mundan ozal duşdum we şonda onuň Maýklyň energetikasyny we şahsyýetini nädereje özünde jemländigine haýran galdym. Bu şeýle bir güýçli zat welin, dünýäniň dürli ýerinden aktýorlar gözlenenden soň, onuň bu keşbi ýerine ýetirip biljek ýeke-täk adamdygy belli boldy” – diýip, kinematografçy aýtdy.
Filmiň surata düşürilişi 2023-nji ýylda başlar, ýöne anyk senesi heniz belli däl. Önümçilik bilen Lionsgate mediakompaniýasy meşgullanar, ssenariýany Jon Logan (“Gladiator”, “Iň soňky samuraý”) ýazar.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....