ABŞ Boeing 747 uçarlarynyň önümçiligini bes etdi

  • 01.02.2023 11:55
  • 16k+

Boeing kompaniýasy Boeing 747 uçarlaryny öndürmegi bes etdi. Bu modeliň iň soňky uçaryny Ewerett ştatyndaky zawodda ýygnalandan soň, Boeing 747-8 Freighter modifikasiýasynda Atlas Air kompaniýasy alar. Bu barada “Financial Times” gazetine salgylanyp, www.rbc.ru habar berýär.

“Bu uçar 1969-njy ýylda Pariždäki awtosalonda hödürlenenden bäri reaktiw uçarlaryň eýýamynyň ruhuny şöhlelendirdi we öz mümkinçilikleri, netijeliligi we uçuş aralygy bilen täjirçilik uçuşlaryny giň köpçülik üçin elýeterli etmäge kömek etdi” – diýlip, materialda aýdylýar.
“Boeing 747 dünýäni kiçeltdi” – diýip, Boeing-iň korporatiw taryhçysy Maýkl Lombardi belleýär.

Ilkinji täjirçilik 747 uçary 1970-nji ýylda Pan Am amerikan awiakompaniýasy üçin öndürildi we Nýu-Ýork – London gatnawynda ulanyldy.
Bu modeliň iň soňky öndürilen uçarynyň ýük göterijiligi 133,1 tonna barabar bolup, bu 10 699 altyn tokgasyny daşamak üçin ýeterlikdir diýip, awiakompaniýa habar berýär.
Döredilen wagty Boeing 747 iň uly, iň agyr we iň sygymly ýolagçy uçarydy we 36 ýyllap – tä 2005-nji ýylda ilkinji gezek uçan Airbus A380 uçary döredilýänçä şeýle bolmagynda galdy. Elli ýylyň dowamynda kompaniýa 100-den gowrak müşderi üçin 1574 Boeing 747 uçaryny döretdi. Iň uly görnüşinde ol 500-den gowrak ýolagçyny gatnadyp bilýär we häli-häzire çenli ulanylýan täjirçilik uçarlarynyň arasynda dünýäniň iň uzyn uçary bolmagynda galýar – 76,2 m.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......