Sabato de Sarno Gucci-niň täze döredijilik müdiri boldy

  • 01.02.2023 11:52
  • 5.9k+

Italiýaly dizaýner Sabato de Sarno Gucci-niň täze döredijilik müdiri wezipesini eýeledi. Bu barada brendiň eýesi bolan Kering moda konglomeratynyň wekilleri resmi metbugat relizinde habar berdiler. Bu wezipede de Sarno geçen ýyl moda öýüni terk eden Alessandro Mikeleniň ornuny çalyşdy diýip, forbes.kz belleýär.

Döredijilik müdiriniň wezipesinde Sabato de Sarno brendiň zenanlar we erkekler kolleksiýalaryna jogap berer hem-de deri önümleri, aksessuarlar we interýer predmetleri bilen işleşer. Ol Gucci üçin ilkinji kolleksiýasyny sentýabr aýynda Milanda geçiriljek Zenanlar moda hepdeliginde görkezer.
Sabato de Sarno Neapolda doguldy. Ol Italiýanyň iki dizaýn mekdebini tamamlady: Instituto Carlo Secoli we Instituto Europeo di Design. Ol karýerasyna 2005-nji ýylda Prada brendinde başlady, soňra Dolce & Gabbana moda öýüne geçdi, 2009-njy ýylda bolsa Valentino moda öýüne goşuldy. Ol ýerde baş dizaýner Pýerpaolo Piççoli bilen işledi we wagtyň geçmegi bilen erkekler we aýallar liniýalarynyň dizaýn müdiri wezipesini eýeledi.
Modelýer Alessandro Mikele Gucci-niň döredijilik müdiri wezipesinde 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri işläp, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda bu wezipäni terk etdi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....