Jokowiç onunjy gezek Australian Open-iň ýeňijisi boldy

  • 29.01.2023 22:36
  • 4.6k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Melburnda geçirilen Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) final oýnunda gresiýaly Stefanos Sisipasdan üstün çykdy. Duşuşyk 6:3, 7:6 (7:4), 7:6 (7:5) hasabynda ýaryşda dördünji belgi bilen ýerleşdirilen serbiýaly türgeniň peýdasyna tamamlandy. Sisipas ýaryşda üçünji belgini aldy.

Tennisçiler kortda 2 sagat 56 minut geçirdiler diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda özüniň 22-nji titulyny gazanyp, bu görkeziji boýunça rekord eýesi ispaniýaly Rafael Nadal bilen deňleşdi. Bu onuň Australian Open-de onunjy ýeňşi (rekord), şeýle-de ol iki gezek “Rolan Garrosyň” ýeňijisi boldy, ýedi gezek “Wimbledonda” we üç gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynda ýeňiş gazandy.


08.06.2026 12:41
2k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....