LVMH 2022-nji ýylda arassa girdejini 17% ýokarlandyrdy

  • 29.01.2023 11:45
  • 4.7k+

LVMH kompaniýasy Louis Vuitton we Dior brendleriniň gowy netijeleri görkezmegi netijesinde 2022-nji ýylda arassa girdejisini 17%, girdejisini 23% ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru belleýär.

Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, ýyllyk arassa girdeji bir ýyl ozalky 12,04 mlrd ýewro bilen deňeşdirilende 14,08 mlrd ýewro boldy.
LVMH-iň girdejisi geçen ýyl 79,18 mlrd ýewro ýetdi. Ýokary ösüş Ýewropada, ABŞ-da we Ýaponiýada hasaba alyndy. Aziýada kompaniýanyň satuwy durnukly boldy, sebäbi Hytaýda geçen ýyl, esasan, karantin çäklendirmeleri hereket etdi.
2022-nji ýylda LVMH-iň moda egin-eşikleri we deri önümleri segmentinde girdejisi 25% ýokarlanyp, 38,65 mlrd ýewro ýetdi. Organiki ösüş 20% boldy. Ulgamlaýyn ownuk söwda dükanlarynyň (Sephora, DFS we Le Bon Marche) girdejisi 26% ýokarlanyp, 14,85 mlrd ýewro boldy (organiki ösüş 17%).
Sagatlaryň we şaý-sepleriň satuwy 18% ýokarlanyp, 10,58 mlrd ýewro ýetdi. Parfýumeriýa we kosmetika segmentinde girdeji 17%, 7,7 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Kompaniýa ýyllyk diwidendleriniň möçberini 20%, paý üçin 12 ýewro çenli artdyrdy. Soňky 12 aýda LVMH-iň kagyzlary 15,5% gymmatlady.


30.12.2024 15:04
6.8k+

Bernar Arno 2024-nji ýylda iň kşp ýitgi çeken milliarderleriň anti-reýtinginde birinji boldy

2024-nji ýylda milliarderleriň sanawynda birinji ýeri eýelän, iň iri, kaşaň önümleri öndüriji LVMH-iň baş direktory Bernar Arnonyň baýlygy 2024-nji ýylda ep-esli azaldy. Business Insider-iň berýän maglumatlaryna...

04.10.2024 22:01
4.1k+

LVMH kompaniýasy “Formula-1-iň” täze hemaýatkäri boldy

“Formula-1” çempionatynyň eýesi Liberty Media holdingi LVMH lýuks ägirdi bilen 10 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň çäklerinde hyzmatdaşlyga Louis Vuitton, Moet Hennessy we TAG Heuer ýaly birnäçe meşhur brendler gatnaşar...

16.08.2024 10:20
7.6k+

Bloomberg: Arno $23 mlrd ýitirip, dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlüginden çykdy

Fransiýaly milliarder, LVMH kompaniýalar toparynyň esaslandyryjysy we prezidenti Bernar Arno dünýäniň iň barly adamlarynyň üçlügini terk etdi. Bu Bloomberg-iň milliarderler indeksiniň (BBI) maglumatlaryndan gelip...

28.06.2024 15:44
14k+

Ýewropanyň iň baý adamsy bäsdeşiniň işinden paý satyn aldy

LVMH konglomeratynyň eýesi, fransuz milliarderi Bernar Arno Cartier, Chloé we Van Cleef & Arpels ýaly brendlere eýe bolan, Şweýsariýanyň kaşaň Richemont kompaniýasyndan paý aldy. Geleşigiň bahasy we paýynyň möçberi...