Türkmenistan Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasyna edilen ýaragly hüjümi ýazgardy

  • 28.01.2023 17:47
  • 54k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi anna güni, 27-nji ýanwarda irden Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen ýaragly hüjümi ýazgaryp, Beýannama bilen çykyş etdi.

Habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, ýaragly hüjüm wagtynda Ilçihananyň gorag gullugynyň başlygy ýogaldy we iki beýleki goragçy ýaralandy. Ilçihananyň işgärleri hüjüm edeni ýaragsyzlandyrmagy başardylar.

«Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi merhumyň garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirýär, şeýle hem Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasynyň ýaralanan işgärlerin tiz wagtda sagalmagyny arzuw edýär» - diýlip türkmen DIM-niň Beýannamasynda aýdylýar.


03.12.2025 10:07
11k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

02.12.2025 11:39
13k+

Türkmenistanyň Prezidenti suw joşgunlaryndan ejir çeken tailandyň halkyna medet beriji sözlerini beýan etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

20.11.2025 14:04
19k+

Tähran rekord derejede gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn

Tähran güýçli gurakçylyk sebäpli ewakuasiýa edilmäge ýakyn. Häkimiýet ýurtda ýagyş ýagdyrmak üçin bulutlary emeli ýagdaýda “ekip” başlady diýip, IRNA agentligi habar berýär. The Guardian neşiriniň maglumatlaryna...

20.10.2025 10:11
6.4k+

Eýranda 700 müň ýyl ozal sönen hasaplanan Taftan wulkany oýandy

Eýranda 700 müň ýyldan gowrak ozal sönen diýlip hasaplanan Taftan wulkany hereket edip başlady. Bu barada Geophysical Research Letters amerikan ylmy žurnalynda neşir edilen dokladda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň iýulyndan 2024-nji ýylyň maýyna çenli wulkanyň çür depesi tas 9 santimetr ýokary galdy...