Akio Toýoda Toyota-yň prezidenti wezipesinden aýrylýar

  • 27.01.2023 01:44
  • 21k+

2009-njy ýyldan bäri Ýaponiýanyň iň iri awtoulag öndürijisi Toyota Motor-a ýolbaşçylyk eden Akio Toýoda kompaniýanyň prezidenti wezipesinden aýrylar. Bu barada penşenbe güni kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

Toyota Motor-daky wezipe üýtgeşmeleri 1-nji aprelden güýje girer. Toýoda awtoulag konserniniň direktorlar geňeşiniň täze başlygy bolar, wezipede  Toýodanyň  geňeşiň düzümindäki wekili bolup galjak Takesi Utiýamadanyň ornuny eýelär.
Toyota Motor-yň täze prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory 53 ýaşly Kodzi Sato bolar. Ol Toyota-a mundan 30 ýyl ozal goşulypdy. 2020-nji ýylda Sato Toyota-nyň operasion müdiri we Lexus International brendiniň prezidenti boldy. 2021-nji ýylda brending boýunça müdiri wezipesine bellendi.
Akio Toýoda Toyota-nyň esaslandyryjysy Kiitiro Toýodanyň agtygydyr. 2000-nji ýylda Toýoda awtoulag konserniniň direktorlar geňeşine goşuldy, 2005-nji ýylda ýerine ýetiriji wise-prezident, 2009-njy ýylda bolsa prezident boldy.


16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.4k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......