Kris Hipkinz Täze Zelandiýanyň premýer-ministri boldy

  • 26.01.2023 12:22
  • 2.9k+

Kris Hipkinz çarşenbe güni Täze Zelandiýanyň premýer-ministri hökmünde kasam kabul etdi we wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Dabarany Täze Zelandiýanyň Television New Zealand döwlet teleýaýlymy göni ýaýlyma goýberdi.

Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kiro kasam kabul ediş dabarasynda degişli resminamalara gol çekip, Hipkinz bilen Karmel Sepuloniniň premýer-ministr we premýer-ministriň orunbasary wezipelerine bellenmeklerini tassyklady.
Dabaradan soň Hipkinz Täze Zelandiýanyň Ministrler Kabinetiniň geljek aýlar üçin hökümetiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlejek ilkinji mejlisini geçirdi.
Täze Zelandiýanyň 41-nji premýer-ministri bolan 44 ýaşly Hipkinz ozal bilim ministriniň, döwlet gullugy ministriniň we ýerli parlamentde Wekiller palatasynyň ýolbaşçysynyň wezipelerini ýerine ýetiripdi.
Öňki premýer-ministr Jasinda Ardern syýasy işden we jogapkärçilikden ýadanlygyny hem-de maşgalasyna has köp wagt sarp etmek isleýändigini görkezip, 19-njy ýanwarda işinden gitmek meýliniň bardygyny mälim edipdi.


07.02.2026 13:14
2.7k+

Türkmenistanyň ilçisi Täze Zelandiýanyň Waýtangi gününe bagyşlanan çärelere gatnaşdy

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky ilçisi (oturýan ýeri Tokio şäheri) Atadurdy Baýramow Täze Zelandiýanyň her ýylyň 6-njy fewralynda bellenilýän milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli geçirilen resmi çärelere gatnaşdy...

06.02.2026 11:56
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli General-gubernator hanym Sindi Kiro we ýurduň halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany hanym Sindi Kiro berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi...

17.07.2025 16:53
16k+

Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi...

28.04.2025 08:01
2.4k+

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunisdäki ilçileri bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Degişli resminamalar metbugatda çap edildi...