Täze Zelandiýanyň premýer-ministri 7-nji fewralda wezipesinden aýrylmagy meýilleşdirýär

  • 20.01.2023 09:15
  • 12k+

Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda wezipesinden aýrylmagy meýilleşdirýär. Hökümet başlygy penşenbe güni žurnalistler üçin geçirilen brifingde degişli beýannama bilen çykyş etdi.

Ardern 7-nji fewralyň premýer-ministr hökmünde iň soňky iş güni boljakdygyny aýtdy. Ol "hökümet baştutanynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmek üçin özünde güýç tapjagyna umyt baglandygyny, ýöne muny edip bilmändigini" aýtdy. "Men gidýärin, sebäbi şeýle artykmaç hukukly işiň uly jogapkärçiligi hem bar. Mundan bu ýana ýurda ýolbaşçylyk edip bilmejekdigiňe düşünmegiň hem öz jogapkärçiligi bar" - diýip, premýer-ministr "eýýäm elinden gelenini edendigini, gitmäge çen bolandygyny” belledi.
Şeýle hem hökümet baştutany ýurtda geçiriljek indiki ählumumy parlament saýlawlarynyň 2023-nji ýylyň 14-nji oktýabryna meýilleşdirilýändigini we ýygnan toparynyň olara gatnaşmaga we ýeňiş gazanmaga ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Arderniň özi, premýer-ministrlik wezipesinden çekilenden soň, parlamentiň deputatynyň wezipesini dowam etdirer, emma täze saýlawlara gatnaşmaz.


17.07.2025 16:53
16k+

Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi...

28.04.2025 08:01
2.3k+

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunisdäki ilçileri bellenildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky we Tunis Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerini bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Degişli resminamalar metbugatda çap edildi...

06.02.2025 10:59
4.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Zelandiýany Waýtangi güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada...

06.02.2024 12:09
5.4k+

Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny Waýtangi güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet...