TOPH taslamasy ŞHG-niň Hindistanda geçiriljek mejlisiniň gün tertibine girizilip bilner

  • 26.01.2023 08:58
  • 5.1k+

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynda şu ýyl başlyklyk edýän Hindistan guramanyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrlerini 4-5-nji maýda Goa şäherinde geçiriljek duşuşyga çagyrdy.

Hindistan bu toparyň başlyklygyny geçen ýylyň sentýabr aýynda kabul edipdi we 2023-nji ýylda ministrleriň derejesinde birnäçe möhüm ýygnaklary we şu ýylyň ahyrynda sammit geçirmegi meýilleşdirýär.
Sammitiň öňüsyrasynda Hindistanda dokuz agza döwletiň goranmak ministrleri, şeýle hem milli howpsuzlyk, içeri işler we daşky gurşaw ministrleri duşuşarlar. Ministrleriň ýygnaklarynyň mart aýynda başlanmagyna garaşylýar. 27-31-nji ýanwar aralygynda bolsa Mumbaýda ŞHG-niň film festiwaly geçiriler.
Financial Express neşiriniň çeşmelerine görä, ýakyn wagtda geçiriljek ýygnaklaryň gün tertibi entek ylalaşyk tapgyrynda. Şeýle-de bolsa, daşary işler, goranmak we içeri işler ministrleri ýygnananlarynda olar hökman terrorçylyga, radikalizme, neşe serişdelerine, energiýa we azyk howpsuzlygyna garşy göreş, Talyban 2.0 döwründe Owganystandaky ynsanperwer çökgünlik barada pikir alyşýarlar.
Halkara «Demirgazyk-Günorta» üstaşyr geçelgesiniň (INSTC) we TOPH gaz geçirijisiniň (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) taslamalary ŞHG-niň ýakyn wagtda geçiriljek mejlisleriniň gün tertibine girer diýip, neşir çaklaýar.
ŞHG toparlary Ýewraziýa yklymynyň 60% -den gowragyny, dünýä ilatynyň 40% -ini we dünýäniň içerki önüm dolanyşygynyň 30% -ini öz içine alýar. Esasanam, arap dünýäsiniň dialog boýunça hyzmatdaş derejesini alan ýurtlarynyň köpüsi guramanyň düzümine girmäge gyzyklanma bildirýärler.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......