«Oskar» gowşurylyşykdaky dawadan soň, Uill Smit ilkinji keşbini aldy

  • 26.01.2023 08:53
  • 14k+

Golliwudly aktýor Uill Smit «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasyndaky dawadan 10 aý geçensoň «Aladdin» sikwelinde Jynyň keşbini oýnar. Bu barada The Sun neşiri habar berýär.

Smit ilkinji gezek 2019-njy ýylda «Aladdin» filminde Jynyň keşbini ýerine ýetiripdi. Deslapky maglumatlara görä, filmiň dowamynda bu keşp hasam göwrümli we ähmiýetli bolar.
Edebi esasyň «Müň bir gijäniň» mazmunyna esaslanjakdygy we filmi surata düşürmekligiň ýylyň ahyrynda başlajakdygy habar berildi.

"Bu “Oskaryň” gowşurylyşyndan soň, Uilliň düşjek ilkinji filmleriniň biri bolar, filmiň çagalara niýetlenen filmdigini göz öňünde tutsaň, bu gaty geň galdyryjydyr. Ol öz üstünde gaty köp işledi we ilkinji görkezilişe çenli hemme zadyň eýýäm yzda galjakdygy bilen  hemmeler ylalaşýarlar" - diýip, The Sun kino önümçiligindäki çeşmesiniň sözlerini getirýär.


08.04.2026 21:26
1.9k+

«Oskar» baýraklarynyň 99-njy we 100-nji gowşurylyş dabaralarynyň seneleri belli boldy

Amerikan kinoakademiýasy «Oskar» baýragynyň indiki gowşurylyş dabaralarynyň senelerini kesgitledi....

28.03.2026 15:27
3.2k+

“Oskar” 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde gowşurylar

Amerikanyň Kinematografiýa sungaty we ylymlary akademiýasy “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň 2029-njy ýyldan başlap täze ýerde, Los-Anželesiň merkezindäki L.A. Live toplumynda geçiriljekdigini habar......

21.03.2026 14:44
3.5k+

«Oskaryň» reýtingleri soňky 4 ýyldaky iň pes derejesine düşdi: dabara 17,86 mln adam tomaşa etdi

ABŞ-da 98-nji gezek geçirilen «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň göni ýaýlymyna 17,86 million adam tomaşa etdi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Bu görkeziji soňky dört ýylyň dowamyndaky iň pes netije boldy...

16.03.2026 23:36
7k+

Ýelekler, güller, göwherler: ýerdäki ýyldyzlar Oskarda niçik lowurdady?

16-njy martyň säheri Kaliforniýadaky 98-nji Oskar baýraklaryny gowşuryş dabarasy bilen başlandy. Aslynda köpçülik bu dabara kino baýraklaryny kimiň alýandygyny bilmek üçin üýşen bolsa-da, olar gözlerini gyzyl halyçadan ýörän ýyldyzlaryň lybaslaryndan aýryp bilmediler...