«Türkmenenergo» Owganystana elektrik energiýasyny ugratmagyň şertnamasyny uzaltdy

  • 25.01.2023 13:30
  • 25k+

Türkmenistan bilen Owganystan türkmen elektrik energiýasyny ibermek hakynda ylalaşygyň möhletini 2023-nji ýyl üçin uzaltdylar. Ylalaşyga «Türkmenenergonyň» başlygy we Da Afghanistan Breshna Sherkat-yň baş direktory (DABS) gol çekdi diýip, TASS agentligi Owganystanyň Suw we energo üpjünçilik işleri boýunça ministrliginiň Twitterine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistan eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýeňillikli şertlerde Owganystanyň demirgazyk sebitlerine elektrik energiýasyny iberýär. Owganystana şeýle-de Täjigistan bilen Özbegistan hem elektrik energiýasyny eksport edýär.
2025-nji ýylda Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasynyň eksportyny 8,7% artdyrmagy meýilleşdirýär. Munuň üçin täze elektrik beketler, elektrik geçiriji ulgamlar we häzirki zaman transformator beketleri gurulýar.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......