Apple iOS 16-nyň 3-nji täzelenmesini çykardy. Nämeler üýtgedi?

  • 25.01.2023 13:21
  • 16k+

Apple 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek girizilen iOS 16 operasion ulgamyna üçünji uly täzelenme bolan iOS 16.3 çykardy. Işläp taýýarlaýjylar birtopar goşundyny optimizirlediler, näsazlyklary düzedip, käbir täze funksiýalary goşdular.

Girizilen täzelikleriň we düzedişleriň doly sanawy aşakdakylardan ybarat:

  • ABŞ-da Afroamerikan taryhy we medeniýeti aýynyň baýramçylygy mynasybetli döredilen täze Unity oboýlary goşuldy.
  • Ulanyjynyň ýazgy hasabynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrýan Apple ID üçin howpsuzlyk açarlary goşuldy.
  • Ikinji nesliň «akylly» HomePod kolonkasy bilen utgaşyklylyk goldawy peýda boldy.
  • Emergency SOS ulgamy arkaly ýalan gyssagly jaňdan gorag goşuldy. Işletmek üçin indi gapdal düwmesini we ses derejesini ýokarlandyryş düwmesini bir wagtda basyp saklamaly we birden goýbermeli.
  • Freeform goşundysyndaky barmagyňyz bilen ýa-da Apple Pencil-iň kömegi bilen çekilen ştrihleriň umumy tagtalarda görkezilmän bilmegi bilen bagly mesele düzedildi.
  • Gulp ekranynda gara diwar kagyzlarynyň görünmegi bilen bagly tehniki ýalňyşlyk düzedildi.
  • Gajet uky režiminden çykarylandan soň, iPhone 14 Pro Max-yň ekranynda peýda bolýan keseligine çyzyklar düzedildi.
  • "Öý" wijetiniň nädogry görkezilmegi bilen bagly ýalňyşlyk düzedildi.
  • Öň aýdym-saz sargytlaryna nädogry jogap berip biljek Siri ulgamy kämilleşdirildi.
  • Apple CarPlay ulgamy bilen baglaşdyrylanda haýyşlaryň nädogry çözülmegine sebäp bolýan Siri ýalňyşlygy düzedildi.

düýn 16:33
2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...