UEFA transfer düzgünlerini üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 25.01.2023 13:15
  • 14k+

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) futbolçylaryň şertnamalarynyň dowamlylygyna çäklendirme girizmek isleýär. Bu barada The Times habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Gurama şeýle üýtgetme barada Londonyň “Çelsi” kluby futbolçylar bilen 7-8 ýyl üçin şertnama baglaşyp, Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) “fair play” düzgünlerine üns bermän başlandan soň pikirlendi. UEFA şertnamanyň rugsat berilýän dowamlylygyny 5 ýyl möhlet bilen kesgitlemek isleýär. Edaranyň ýolbaşçylygy köp klublaryň londonlylaryň şeýle transfer syýasatyndan biynjalyk bolýandygy üçin bu barada pikirlenýär.
Şu gyş “Çelsi” 100 mln ýewro Doneskiň “Şahtýorynyň” ukrainaly oýunçysy Mihail Mudriki satyn aldy. Bu mukdaryň 30 milliony bonus görnüşinde tölener.
Mudrik “Liwerpula” garşy oýunda ilkinji gezek çykyş edip, netijeli hereketler bilen tapawutlanmady. Mudrikden başga-da, “Çelsi” ýarym goragçy Noni Madueke bilen ýedi ýarym ýyl möhlet bilen şertnama baglaşdy.
20 tapgyrdan soň “Çelsi” APL-iň ýaryş jedwelinde onunjy orunda ýerleşýär. Grem Potteriň gözegçiligindäki topar soňky bäş oýunda diňe ýekeje ýeňiş gazandy.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....