Mbappe «PSŽ-niň» bir oýunda bäş gol geçiren ilkinji oýunçysy boldy

  • 24.01.2023 16:22
  • 23k+

«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Kilian Mbappe Fransiýanyň Kubogynyň 1/16 finalynyň ýurduň altynjy diwizionyndaky topar «Pei de Kassele» garşy oýnunda bäş gol geçirdi. Şeýlelik bilen, Mbappe «PSŽ-niň» penta-trik etmegi başaran ilkinji oýunçysy boldy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Duşuşyk parižlileriň 7:0 hasabynda uly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde Mbappe öz hasabyna bäş gol ýazdy. Şeýle-de, Neýmar bilen Karlos Soler 1 goldan geçirdi.
Şeýlelikde, “Pari Sen-Žermen” Fransiýanyň Kubogynyň 1/8 finalyna çykdy. Ýaryşyň bu tapgyrynda paýtagt kluby “Marsel” bilen oýnar.
Fransiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde “PSŽ” 19 oýunda 47 utuk gazanyp, birinji orunda ýerleşýär. Onuň ýakyn bäsdeşi 44 utuk gazanmagy başaran “Lansdyr”. Üçlügi 42 bal bilen “Marsel” jemleýär.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....