Futbolçy Aşraf Hakimi ýylyň iň gowy arap türgeni boldy

  • 23.01.2023 11:32
  • 21k+

Marokkonyň futbol ýygyndysynyň we “Pari Sen-Žermeniň” goragçysy Aşraf Hakimi 2022-nji ýylyň iň gowy arap türgeni diýlip saýlandy. Bu barada fransuz klubunyň Twitter sahypasynda habar berilýär diýip, RIA Nowosti belleýär.

Joy Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy şenbe güni Er-Riýadda geçirildi. Bu baýrak Ýakyn Gündogaryň türgenlerine berilýär.
Hakimi penşenbe güni “PSŽ-niň” düzüminde Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” we “Al-Hilýal” klublarynyň iň gowy oýunçylarynyň ýygyndysyna garşy dostlukly oýunda oýnady. Şondan soň ol dabara gatnaşmak üçin Saud Arabystanynda galdy.
Marokkonyň ýygyndysy dekabr aýynda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda dördünji orny eýeläp, ýaryşyň taryhynda afrikan toparlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi. Geçen ýyl Hakimi “PSŽ” bilen bilelikde Fransiýanyň çempiony we ýurduň Super kubogynyň eýesi boldy.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......