Şu gün Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbi tutular

  • 20.01.2023 08:43
  • 15k+

Şu gün, 20-nji ýanwarda ýurdumyzyň ýaşuly wekilleriniň gatnaşmagynda Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň baş metjidiniň düýbüniň tutulyş dabarasy geçiriler.

Düýbüni tutmak dabarasy, şeýle hem onuň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler bilen bagly guramaçylyk-taýýarlyk işleri barada 19-njy ýanwarda geçirilen Hökümet maslahatynda aýdyldy.
TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, Ahal welaýatynyň baş metjidini gurmak boýunça yglan edilen bäsleşikde «Altyn» hojalyk jemgyýeti ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji ýanwarda Arkadag şäherine iş saparynyň çäklerinde yslam dünýäsinde metjidiň mährabynyň Käbä tarap bakdyrylýandygyny aýdyp, mukaddes binanyň gurluşygyna sähetli gün badalga berilmeginiň we bu işlere Käbä tarap bakyp başlanmagynyň göwnemakul boljakdygyny belledi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......