Samsung eplenýän smartfonlar bazarynda öňdeligi elden bermän gelýär

  • 19.01.2023 12:21
  • 22k+

Eplenýän smartfonlar indi geň we görülmedik zat däl. Olaryň söwdasy barha artýar we TrendForce-iň maglumatlary munuň ýokary depginde ösýändigini görkezýär.

2022-nji ýylda dünýäde 12,8 million sany eplenýän smartfon satyldy, bu bolsa 2021-nji ýyldakydan 44% köpdür. Seljerijiler şu ýylyň ahyryna çenli 18,5 million smartfonyň satylmagyna garaşýarlar.
Geçen ýyl hem Samsung-yň bähbidine boldy: bazardaky söwdanyň 82%-i koreý ägirdiniň paýyna düşdi. Seljerijiler Samsung-yň paýynyň şu ýylyň ahyrynda nähili üýtgejekdigini heniz çaklap bilenoklar, ýöne ol kemelse gerek diýip hasaplanýar, sebäbi eplenýän smartfon öndürýän kompaniýalaryň sany barha artýar.
Mundan başga-da, TrendForce-iň seljerijileri, Samsung-yň häzir hem edişi ýaly, has ýönekeý we arzan şarnirleri ulanmagyny, Ice Universe insaýderiniň maglumatlaryna ters gelse-de, dowam etdirjekdigini aýdýarlar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...