Wýetnamyň prezidenti wezipesinden çekildi

  • 18.01.2023 15:44
  • 20k+

Wýetnamyň prezidenti Nguen Suan Fuk döwlet baştutany wezipesinden çekildi hem-de Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň we Syýasy býurosynyň düzüminden çykdy.

“Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti sişenbe güni Nguen Suan Fukyň Wýetnamyň prezidenti wezipesinden çekilmegini kabul etdi we ony öz islegi boýunça partiýanyň MK-nyň hem-de Syýasy býurosynyň düzüminden aýyrdy” – diýip, Wýetnamyň HBS-i habar berýär. Muny Interfax.ru ýetirýär.

Partiýanyň MK-nyň beýanatynda Nguen Suan Fukyň ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň wekilleri tarapyndan edilen birnäçe düzgün bozulmalara göz ýumandygy belli bolanyndan soň işinden aýrylmak kararyna gelendigi aýdylýar.
Nguen Suan Fuk 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden bäri Wýetnamyň prezidenti wezipesini eýeläpdi. 2016-2021-nji ýyllarda ol Wýetnam hökümetiniň baştutany boldy.


09.04.2026 12:01
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary To Lama Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli......

07.04.2026 21:02
2.3k+

Wýetnamda täze premýer-ministr saýlandy

Wýetnamyň premýer-ministri wezipesini ýurduň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary we partiýanyň Merkezi guramaçylyk komitetiniň başlygy Le Min Hyng eýeledi. Ol 16-njy çagyrylyşyň Milli......

02.09.2025 13:34
8k+

Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

28.08.2025 15:09
4.1k+

Arabikany we robustany iň köp ösdürip ýetişdirýän ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Kofe öndürýän ýurtlar kofe dänelerini hem içerki bazar, hem eksport üçin ösdürip ýetişdirýärler we gaýtadan işleýärler. Dünýäde kofeniň esasy görnüşleri - arabika we robusta bolup, olaryň ösdürilip ýetişdiriliş şertleri düýpgöter tapawutlanýar...