Renault ýanwarda Nissan-daky paýyny 15%-e çenli azaldyp biler

  • 18.01.2023 15:44
  • 4.9k+

Fransiýanyň Renault awtomobil gurluşyk kompaniýasy şu aý ýaponiýaly hyzmatdaşy Nissan-daky paýyny 43%-den 15%-e çenli azaldyp biler. Bu barada “Yomiuri” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda taraplar ahyrky gepleşikleri geçirýärler, ýöne neşir Renault-yň paýyny 15%-e çenli azaltmak baradaky esasy ylalaşygyň gazanylandygyny ýazýar. Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýanyň awtomobil konserni Renault-yň ýakyn wagtda Ýewropada işe girizjek elektromobil önümçiligi boýunça täze kompaniýasyna maýa goýmagy meýilleşdirýär diýip, “Yomiuri” belleýär.
Häzir Renault ýaponiýaly hyzmatdaşynyň paýnamalarynyň 43%-ine eýe. Emma Nissan-yň bolsa fransiýaly korporasiýada 15% paýy bar we şol sebäpli onuň çözgütlerine täsir etmäge hukugy ýok. Ýapon tarapy bu ýagdaýy deňsizlik diýip hasaplady we bu ikitaraplaýyn birleşigiň şertlerine gaýtadan seretmek baradaky dowamly gepleşikleriň başlanmagyna sebäp boldy.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....