Torda iPhone 15 smartfonynyň ilkinji suratlary peýda boldy

  • 17.01.2023 09:02
  • 33k+

iPhone 15 smartfonynyň ilkinji suratlary Hytaý metbugatynda peýda boldy. Bu barada Sina portaly habar berýär.

Suratlaryň täze gajet hakynda üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelerde bar bolan maglumatlaryň esasynda döredilendigi bellendi. Aýdylmagyna görä, täze smartfon hatarynda iPhone 14 Pro-nyňky ýaly owal şekilli displeý bolar. iPhone 15-iň esasy wersiýasynyň gapdal graňlary ýene-de alýumin garyndysyndan ýasalar we arka panelde bolsa eýýäm köplere tanyş goşa kameralar ýerleşdiriler, ol  diagonal boýunça bloklaýyn ýerleşdiriler.
Ekranyň täzeleniş tizligi 60 Gs, Pro-wersiýalary üçin - 120 Gs. Täze hataryň ähli smartfonlarynda A16 prosessory ulanylar diýip çak edilýär.
iPhone 15-iň synag önümçilik tapgyrynyň ýakyn wagtda başlajakdygy mälimdir, munuň özi Apple-iň täze gajetiň soňky dizaýnyny eýýäm tassyklandygyny aňladýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...