Dubaý 3D tehnologiýasynyň kömegi bilen dünýäde ilkinji metjidi gurar

  • 15.01.2023 15:37
  • 24k+

Dubaýyň häkimiýetleri şäherde 3D printerinde çap edilen dünýädäki ilkinji metjidi gurmak meýilnamasyny yglan etdiler. Muny “The National” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

“3D çap tehnologiýasynyň ulanylmagy gurluşyk materiallarynyň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, bu usul tebigata zyýan ýetirmeýär we biziň parasatly ýolbaşçylygymyzyň görüş ukybyny şöhlelendirýär” – diýip, neşir Emirligiň Yslam we haýyr-sahawat meseleleri boýunça departamentiniň baş müdiri Hamad aş-Şaýbaniniň sözlerini getirýär.
Şeýle-de bolsa, taslamanyň üstünde işleýän inženerler synag häsiýeti sebäpli gurluşygyň metjidi adaty usul bilen guranyňdan 30% gymmata düşjekdigini bellediler.
Saýlanan tehnologiýa çalt gataýan gurluşyk materialynyň gatlaklaryny kompýuter belliklerine laýyklykda goýulmagyny göz öňünde tutýar. Meýdany 2 müň inedördül metr bolan metjidiň gurluşygyna 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak meýilleşdirilýär. 3D çap ediş üçin dört aý, binanyň dileg edýänler üçin ähli zerur zatlar bilen üpjün edilmegine bolsa ýene bir ýyl gerek bolar.
Taslama 3D çap tehnologiýasynyň ösdürilmegini we 2023-nji ýyla çenli Emirligiň paýtagtyny bu ugurda dünýä liderine öwürmegi göz öňünde tutýan strategiýanyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.


19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....