2023-nji ýylda Apple-iň baş direktorynyň aýlygy 40 göterim azalar

  • 14.01.2023 12:29
  • 14k+

Apple-iň baş direktory Tim Kuk 2023-nji ýylda 49 million dollar alar, bu 2022-nji ýyldakydan 40%-denem azdyr. ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň elektron maglumatlar bazasyna penşenbe güni gelip gowşan maglumatlar muňa şaýatlyk edýär.

Kompaniýanyň habarnamasynda: "Jenap Kukuň 2023-nji ýylda umumy göz öňünde tutulan aýlygy 49 million dollar bolar, bu 2022-nji ýyldaky maksatly umumy hakdan 40%-denem azdyr" - diýilýär.

Apple-iň profil komiteti resminama taýýarlanylanda paýdarlaryň seslenmelerini, kompaniýanyň alyp barýan işlerini we "Jenap Kukuň alnan seslenmeler esasynda onuň hakyny üýtgetmek baradaky teklibini" göz öňünde tutdy. Korporasiýanyň başlygy "jenap Kukuň ajaýyp liderlik häsiýetlerini ykrar edip", komitetiň onuň hakynyň mukdaryny azaltmak baradaky kararyny tassyklady.
Geçen ýyl Apple-iň baş direktory 83 million dollarlykdan sähel azrak paýnama, 12 million dollar pul baýragyny we 3 million dollary aýlyk görnüşinde alypdy. Kukuň alýan gymmatly kagyzlarynyň sany kompaniýanyň işiniň netijesine baglydyr.
1976-njy ýylda döredilen Apple iPhone, iPad, iMac, MacBook we beýleki ýokary tehnologiýaly önümleri öndürýär. Ştab-kwartirasy Kupertinoda (Kaliforniýa) ýerleşen korporasiýa dünýäde iň iri korporasiýalaryň biri hasaplanýar.


02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......