FIFA 2022-nji ýylyň iň gowy oýunçysy adyna dalaşgärleri yglan etdi

  • 13.01.2023 21:40
  • 29k+

Halkara futbol federasiýasynyň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýen baýraga dalaş edýänleriň kimlerdigi belli boldy. Dalaşgärleriň sanawy FIFA-nyň resmi saýtynda çap edildi.

"France Football" neşiriniň wersiýasy boýunça şeýle baýragyň häzirki eýesi Karim Benzema, Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy Lionel Messi we Katar-2022-niň iň köp gol geçiren oýunçysy Kilian Mbappe hormatly at ugrunda bäsleşerler.
Iki fransuz bilen bir sany argentinaly oýunça Erling Holand, Robert Lewandowski, Sadio Mane, Neýmar, Winisius Žunior, Mohamed Salah, Luka Modriç, Hulian Alvares, Jud Bellingem, Kewin De Bruýne we Aşraf Hakimi bäsdeş boldular.
2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň oňat oýunçy adyna Robert Lewandowskiniň ykrar edilendigini ýatladýarys.


şu gün 10:53
2.7k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.1k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.4k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......