Aşgabatlylar jemagat hyzmatlaryna internet arkaly töläp bilerler

  • 12.01.2023 17:13
  • 23k+

Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşaýyş-jemagat hyzmatlary üçin hasaplary internet arkaly tölemek üçin täze sanly hyzmatlar portalyndan peýdalanyp bilerler. Aşgabat şäher häkimligi suw tölegi, güwänamalar, zir-zibil tölegi we jaý jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek üçin raýatlara e.ashgabat.gov.tm saýtyny elýeterli etdi.

Habar berlişi ýaly, şäher häkimliginiň saýtynda kompýuteriň ýa telefonyň hem-de bank kartynyň kömegi bilen aşgabatlylar «Suw tölegi», «Zir-zibil tölegi», «Jaý jemagat hyzmatlary» bölümleriniň üsti bilen hasaplaryny töläp bilerler.
Mundan başga-da, saýtyň üsti bilen «Güwänamalar» bölüminden onlaýn görnüşde şäheriň degişli ýaşaýyş-jemagat edaralaryndan we kärhanalaryndan gerekli güwänamalary alyp bilerler. Munuň üçin ulanyjylar dogry maglumatlary girizmeli.
Saýt üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär.
Portalyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin onda şahsy otag döretmeli. Şahsy otagyň üsti bilen ähli amallary ýerine ýetirip bolar. Munuň üçin ýaşaýan salgyň boýunça ýaşaýyş jaý jemagat gulluklarynyň degişli edarasyna baryp login we parol almaly.
Aşgabatdaky suw hojalyk müdirliginde raýatlar saýtdan töleg geçirilende soralýan hasap belgisini alyp bilerler.


22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6.7k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......