«Argentina, 1985» iň gowy daşary ýurt filmi hökmünde «Altyn globus» baýragyny aldy

  • 11.01.2023 23:18
  • 8.1k+

Argentina, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan bilelikde döredilen «Argentina, 1985» (Argentina, 1985, 2022) filmi daşary ýurt dilindäki iň gowy film hökmünde «Altyn globus» aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy sişenbe güni NBC-de ýaýlyma berildi.

Filmde 1976-1983-nji ýyllarda ýurtda häkimiýet başynda duran harbylara garşy bildirilýän aýyplamalary derňeýän aklawçylar toparynyň işi barada gürrüň berilýär. Filme Santýago Mitre režissýorlyk etdi.
Edward Bergeriň “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” (Im Westen nichts Neues, 2022) nemes filmi, Lukas Donteniň režissýorlyk etmeginde Belgiýanyň, Niderlandlaryň we Fransiýanyň bilelikdäki “Ýakyn” (Close, 2022) filmi, S.S. Rajamuliniň “RRR: Ýanyňda ynkylap gygyrýar (RRR, 2022) hindi filmi nominasiýada ýeňiş gazanmak ugrunda göreşdiler.

13.04.2026 16:26
3.8k+

Dizaýnerler jins geýmegiň iň moda usulyny aýtdylar

2026-njy ýylyň ýaz/tomus möwsüminiň esasy trendi jinsileri pasyrdap duran giň bluzkalar bilen geýmekdir. Bu görnüş romantikanyň üstüne rahatlyk goşup, geýen kişini göze ýakymly görkezýär....

04.04.2026 14:12
9.1k+

Jinsini döreden Lewi Strauss hiç haçan jinsi geýmändir

Häzirki wagtda jinsi matadan tikilen eşikler dünýäniň iň ýörgünli lybasy bolsa-da, ony döreden Lewi Strauss öz ömründe hiç wagt jinsi eşik geýmändir....

26.03.2026 15:37
7.5k+

Matematika moda aýlawynyň her 20 ýyldan gaýtalanýandygyny tassyklady

Demirgazyk-Günbatar Uniwersitetiniň alymlary geýimlerdäki moda tendensiýalarynyň, hakykatdanam, her 20 ýyldan gaýtalanyp durýandygyny anykladylar. Bu netije matematiki modele we 1869-njy ýyldan bäri zenan......

23.03.2026 21:50
3.3k+

Burberry şa zenany Ýelizaweta II-niň 100 ýyllygyna bagyşlanan kolleksiýa çykardy

Beýik Britaniýanyň Burberry moda brendi şa zenany Ýelizaweta II-niň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäkli mukdardaky kolleksiýasyny hödürledi. Mahabat kampaniýasynyň suratlary markanyň sosial ulgamlarynda paýlaşyldy...