Stiwen Spilberg iň oňat režissýor diýen ugur boýunça «Altyn globus» baýragyny aldy

  • 11.01.2023 20:56
  • 9k+

Stiwen Spilberg «Fabelmanlar» (The Fabelmans, 2022) filmi üçin «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy. Abraýly baýragyň 80-nji gowşurylyş dabarasy sişenbe güni Kaliforniýanyň Bewerli Hills şäherinde “Bewerli Hilton” myhmanhanasynda geçirildi. Bu çäre NBC tarapyndan ýaýlyma berildi.

Sýužetiň, esasanam, terjimehally ýerleriniň esasynda režissýoryň öz çagalygy we ýaşlyk ýatlamalary ýatýar. 76 ýaşly Spilberg bilen birlikde bu nominasiýada  Jeýms Kemeron (“Awatar: Suwuň ýoly”, Avatar: The Way of Water 2022), “Hemme zat hemme ýerde we  birbada” filmi bilen Den Kwan we Deniel Şaýnert bilelikde (Everything Everywhere All at Once, 2021), Baz Lurmann (“Elwis”, Elvis, 2022) we “Inişeriniň banşi” filmi bilen Martin Makdona (The Banshees of Inisherin, 2022) dagylar dalaşgär boldular.
Filminiň edebi esasyny ýazan Makdona degişli kategoriýada baýrak aldy. Onuň bilen Kwan hem Şaýnert ("Hemme zat hemme ýerde we birbada"), Spilberg we Toni Kuşner ("Fabelmanlar"), "Tar" (Tar, 2022) filmi bilen Todd Fild we "Aýallar diýýärler" filmi bilen  Sara Polli dagy bäsleşdiler.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....