Keýt Blanşet iň oňat drama keşbi üçin «Altyn globus» baýragyny aldy

  • 11.01.2023 20:52
  • 5.9k+

Awstraliýaly aktrisa Keýt Blanşet drama filmindäki iň oňat zenan keşbi üçin «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy. 80-nji baýrak gowşurylyş dabarasy sişenbe güni Kaliforniýanyň Bewerli Hills şäherinde “Bewerli-Hilton” myhmanhanasynda geçirildi. Bu çäre NBC tarapyndan ýaýlyma berdi.

Blanşet “Tar" (Tar, 2022) filmindäki keşbi üçin baýrak aldy. Amerikaly režissýor Todd Fildiň dramasy Berliniň filarmoniýa orkestriniň dirižýory Lidiýa Tar hakynda, hossarlyk edýänleriniň biri janyna kast edeninden soň, onuň üstünlikli durmuşyna howp abanýar.
Komediýa ýa-da mýuziklde iň oňat zenan keşbi diýen ugur boýunça “Hemme zat hemme ýerde we birbada” (Everything Everywhere All at Once, 2021) filminde oýnan Mişel Ýeo ýeňiji boldy.
Drama serialyndaky iň oňat aktrisa diýen “Altyn globus” baýragy Zendeýa (“Eýforiýa”, Euphoria, 2019 - häzirki) gowşuryldy. Kinta Branson (“Ebbott” başlangyç mekdebi, Abbott Elementary, 2021-nji ýyl - häzirki) komediýadaky ýa-da sazly serialdaky iň oňat zenan keşbi baýragyna mynasyp boldy.
Golliwuda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler assosiasiýasy tarapyndan her ýyl berilýän “Altyn globus” baýragy, ABŞ-daky abraýy boýunça Oskardan soň ikinji orunda durýar. Baýrak, geçen ýylyň netijelerine esaslanylyp, kinematografiýany we telewideniýäni öz içine alýan 20-den gowrak ugra gowşurylýar.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....