Ostin Batler «Elwis» filmindäki keşbi üçin «Altyn globus» aldy

  • 11.01.2023 20:45
  • 4.8k+

«Elwis» filminde (Elwis, 2022) oýnan Ostin Batler drama filminde ýerine ýetiren baş erkek keşbi üçin «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy NBC tarapyndan sişenbe güni efire berildi.

Filmde Elwis Presliniň durmuşy barada gürrüň berilýär. Şeýle-de bu baýraga «Läheň» (The Whale, 2022) filminde ýerine ýetiren keşbi üçin Brendan Freýzer, «Ogul» (The Son, 2022) filminde ýerine ýetiren işi üçin Hýu Jekman, «Ýaşamak» (Living, 2022) filmindäki keşbi üçin  Bill Naýi we «Barlag» (The Inspection, 2022) filmindäki keşbi üçin Jeremi Poup dagy hem dalaş etdiler.
Kolin Farrell Irlandiýanyň çet gyra adasyndaky iki dostuň arasyndaky dawa-jenjel hakda gürrüň berýän «Inişeriniň banşisi» (The Banshees of Inisherin, 2022) filminde ýerine ýetiren işine komediýadaky ýa-da mýuzikldaky baş erkek keşp üçin “Altyn globus” baýragyna mynasyp boldy.
Biziň dünýämizden bolan ýönekeý bir aýalyň paralel älemlerdäki ýamanlyklar bilen göreşi barada gürrüň berýän «Hemme zat hemme ýerde we dessine» (Everything Everywhere All at Once, 2021) filminde oýnan aktýor Ke Hýui Kuan iň oňat ikinji plandaky keşp üçin baýraga mynasyp boldy.

düýn 17:04
2k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....