Bloomberg: Apple öz gurluşlary üçin özi displeý öndürmegi meýilleşdirýär

  • 11.01.2023 20:40
  • 5.7k+

Apple 2024-nji ýyldan başlap, Günorta Koreýanyň Samsung we LG ýaly bäsdeş kompaniýalaryna az garaşly bolar ýaly, öz gurluşlaryna goýmak üçin öz ekranlaryny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada sişenbe güni Bloomberg agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi.

Olaryň berýän maglumatyna görä, OLED tehnologiýasyndan mikroLED diýilýän tehnologiýa geçmek meýilleşdirilýär. Korporasiýa tarapyndan öndürilen ilkinji displeýlere indiki ýylyň ahyryna çenli Apple Watch akylly sagatlary eýe bolar. Soňra kompaniýa bu ekranlary iPhone ýaly, beýleki gurluşlarynda hem ulanmagy meýilleşdirýär.
Agentligiň belleýşi ýaly, displeýleriň täze nesli reňkleri has açyk we doýgun görkezýär, şeýle hem burçdan has gowy görmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda, Apple-iň öz öndüren displeýleri goýlan ilkinji gurluşlarynyň deslapky çykyşynyň 2024-nji ýylda däl-de, 2025-nji ýylda bolup biljekdigi hem aradan aýrylmaýar.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3.1k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....