Saud Arabystany Aziýa üçin Arab Light nebitiniň bahasyny arzanladar

  • 11.01.2023 14:06
  • 6.4k+

Saud Arabystany fewral aýynda aziýaly alyjylar üçin nebitiň ähli görnüşleriniň bahasyny arzanladar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Aziýa esasy iberilýän Arab Light görnüşiniň bahasy indiki aý barreline 1,4 dollar arzanlar. Netijede, ol Omanyň we Dubaýyň nebit sebedine garanyňda barreline 1,8 dollar ýokary bolar – bu 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň pes premiýadyr.
Demirgazyk-Günbatar Ýewropa üçin Arab Light nebitiniň bahasy barreline 1,4 dollar arzanlar, netijede ol Brent-den 1,5 dollar arzan bolar.
ABŞ üçin bahalar eýýäm üçünji aý üýtgemez, ASCI indeksine görä Arab Light-yň baha premiýasy barreline 6,35 dollar bolar.


08.06.2026 19:01
4.2k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...